«100haryt» Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli sowgatlar berýär

11:4007.05.2021
0
20712

«100haryt.com» internet-dükany mukaddes Remezan aýynyň esasy gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesi (keramatly gije) mynasybetli aksiýa yglan edýär. Oňa laýyklykda, 200 manatlyk söwda eden müşderä «Zolotaýa Rus» atly süýji önümlerini taýýarlaýjy kompaniýanyň «Le D’or» şokolady sowgat berilýär.

Bu aksiýa diňe 8-nji martda ― bir gije-gündiziň dowamynda hereket edip, müşderä edilen söwda üçin diňe bir gezek sowgat almak mümkinçiligi döredilýär.

2016-njy ýylda döredilen «100haryt» internet-dükany hyzmat edişiň hilini yzygiderli gowulandyrmak we harytlaryň sanawyny artdyrmak arkaly alyjylaryň ynamyny gazanmagyny dowam edýär.

Internet-dükany alyjylara halkyň ýokary sarp edijilikli önümleriniň örän baý görnüşli harytlaryny: iýmit önümlerini, hojalyk tehnikasyny, egin-eşikleridir aýakgaplary, çagalar üçin önümleri, haýwanlara niýetlenilen harytlary, gözellik we arassalaýjy himiýa serişdelerini, şeýle-de gündelik durmuşda peýdalanylýan harytlary hödürleýär.

Internet-dükanyndan has amatly usulda peýdalanmak üçin Android we IOS öýjükli telefonlaryna niýetlenilen mobil goşundylar işlenip taýýarlanyldy.

«100haryt» arkaly söwda etmek alyjylaryň wagtyny we güýjüni tygşytlamaga ýardam edýär. Internet-dükanynda sargalan harytlar 4-5 sagadyň dowamynda müşderä eltip berilýär. Sargalan harytlaryň umumy bahasy 100 manat bolan halatynda, Aşgabadyň, Büzmeýiniň we Änewiň çäklerinde ýaşaýan müşderilere eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

Internet-dükany barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu salga girip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň