Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF BSGG bilen bilelikde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifing geçirdi

23:2106.05.2021
0
7109

Şu gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşyga milli teleradioýaýlymlaryň, metbugat we elektron neşirleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem welaýatlardyr Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre dördünji gezek geçirilýär hem-de Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň bir bölegidir.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgandyň çykyşynda belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän meýilnamanyň amala aşyrylmagyny seljermäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokanç keselleriň öňüni almak, hususan-da, COVID-19 pandemiýasy döwründe ilata sanjym etmek boýunça çäreleriň netijeli wagyz edilmegine amatly şertleri döredýär.

Sanjym işleri türkmen Lideriniň başyny başlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň esasy ýörelgeleri ilatyň saglygyny has-da pugtalandyrmakda hem-de raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda, ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde jemlenýär. Türkmenistan ýokanç kesellere garşy tölegsiz esasda sanjym geçirýän ilkinji we ýeke-täk ýurt bolup durýar.

BSGG-niň wekili COVID-19 pandemiýasy hem-de sanjym işleri barada täze maglumatlary getirip, Türkmenistanda bu guramanyň maslahatlaryna laýyklykda, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak işi bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, saglygy goramak, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar şu meseläni şöhlelendirmekde öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşdylar. Hususan-da, COVID-19-a garşy bar bolan sanjymlar, ilaty sanjyma taýýarlamagyň tapgyrlary barada habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň