Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar elläp bolýan galogrammany taýýarladylar

18:0006.05.2021
0
5102

Brigama Ýanga uniwersitetiniň hünärmenleri howada alnan uly ölçegli şekili proýektirlemek arkaly hakyky tehnologiki üstünlige eýe boldular diýip, «3dnews.ru» habar berýär. Bu iş köp gatly şöhlelendiriji ekran bilen döredilen adaty gologramma däl-de, barmak bilen duýup, hat-da täsirleşip boljak hakyky 3D suratdyr. Özi-de ol açyk meýdanda ýerleşýär.

2018-nji ýylda bu uniwersitetiň wekilleri «Optical Trap Display» atly tehnologiýanyň prototipini döretdi. Bu şekil üç ölçegli giňişlikde taýýarlanandygy sebäpli, gologrammany islendik tarapdan synlap bolýar.

Täze açyş 3D ölçegli suratlaryň mundan beýläk hereket edip biljekdigini hem buşlady. Hatda adam olary elläp, täsirini duýup biler. Ýöne häzirlikçe döredilen proýeksiýalar juda uly däl, olary makro linzaly kamera bilen synlap bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň