Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar şu ýylyň birinji çärýeginde banklara 30 milliard manada golaý goýum goýdular

17:2506.05.2021
0
1244

2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň umumy möçberi 29 milliard 82 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 5,4% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank gözegçiligi müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna goýumlaryň umumy möçberi 27 milliard 593 million manada deň bolupdy. Bu barada «Biznes-Türkmenistan» banka salgylanyp habar berýär.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň paýdarlar täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 6 milliard 424 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 253% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň aprel aýy ýagdaýyna bu goýumlaryň umumy möçberi 2 milliard 536 million manada barabar bolupdy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistandaky raýatlaryň döwlet täjirçilik banklarynda goýan goýumlarynyň umumy möçberi 22 milliard 650 million manada deň bolup, daşary ýurt banklarynyň şahamçalarynda goýlan goýumlaryň umumy möçberi 7 million manada barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň