«Realy» ýeňen «Çelsi» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy

13:2706.05.2021
0
2467
«Realy» ýeňen «Çelsi» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy

Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Londonyň "Çelsisi" Madridiň "Realyny" ýeňdi. Duşuşyk "Çelsiniň" “Stamford Bridge” stadionynda geçirildi we 2:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 28-nji minudynda “Çelsiniň” hüjümçisi Timo Werner hasaby açdy. Ikinji pökgini 85-nji minutda Meýson Maunt tora girizdi.

Şeýlelikde, “Çelsi” jemi 3:1 hasabynda "Realdan" üstün çykdy (ilkinji oýunda hasap deňme-deň boldy - 1:1).

Mundan başga-da, Tomas Tuheliň topary ýaryşyň finalynda yzly-yzyna ikinji ýyl oýnar. Geçen möwsümde nemes hünärmeniniň ýolbaşçylygyndaky fransuz "PSŽ-si" Çempionlar ligasynyň finalynda "Bawariýadan" 0-1 hasabynda utulypdy.

Tuhel bu üstünlige ýeten taryhda ilkinji tälimçi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň