Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

23:5905.05.2021
0
5088
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara, şeýle hem Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň