Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 2 sany täze awtobus gatnaw ugry açyldy

22:3205.05.2021
0
30342

Ilatyň awtobus gatnawlaryna isleglerini kanagatlandyrmak, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, "Türkmenawtoulaglary" agentligi №54 (Teke bazary - "Arkadag" myhmanhanasy) we №70 (Parahat - Döwletmämmet Azady metjidi) belgili iki sany täze awtobus ugruny açdy.

54-nji ugur boýunça awtobus "Teke bazary" belleniş nokadyndan hereket edip başlaýar we soňra M.Kaşgarly - Döwletmämmet Azady köç. - A.Nyýazow şaýoly - Görogly köç. - Alyşir Nowaýy köç. - Bitarap Türkmenistan şaýoly - Çandybil şaýoly - günbatara Bekrewe şaýoluna tarap öwrülýär. Yzyna awtobus Arçabil şaýoly - Bitarap Türkmenistan şaýoly - A.Nyýazow şaýoly - M.Kösäýew köç. - A.Gowşudow köç. - "Teke bazary" belleniş nokadyna gelýär.

70-nji ugur boýunça awtobus "Parahat" belleniş nokadyndan hereket edip başlaýar, A.Garlyýew köç. - 10 ýyl Abadançylyk köç. - Nurmuhammet Andalyp köç. - Hoja Ahmet Ýasawy köç. - Arçabil şaýoly - Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binasynyň ýanynda öwrülip, yzyna Ankara köç. - 10 ýyl Abadançylyk köç. - A.Garlyýew köç. we "Parahat" belleniş nokadyna gelýär.

Awtobus gatnaw ugurlarynyň ählisiniň tertibi bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312443390, +99312443391.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň