Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda pile möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

21:1805.05.2021
0
3222
Daşoguz welaýatynda pile möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Daşoguz welaýatynda 30 müňe golaý kärendeçi pile taýýarlamak bilen meşgullanýar. Howa şertleri sebäpli bu ýerde ýurduň beýleki ýerlerinden bu işe gijräk girişilýär. Häzir ýylylykdyr çyglylyk derejesiniň talabay saklanýan, sanitar we tehniki talaplar ýerine ýetirilýän gurçukhanalarda ýüpek gurçuklaryny idetmek dowam etdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ýurduň demirgazyk sebiti dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal öndürijileriň iň irileriniň biridir. Şu ýyl bu ýerde 500 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilipdir. S. A. Nyýazow etrabynda pile beýlekilerden köp öndüriler – 184 tonna. Pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçlary boýunça her birine 80 tonnadan düşýän Görogly we Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynyň ekerançylarynyň hem bu möhüm işdäki paýy uludyrr.

Döwletiň oba hojalyk toplumynda geçirýän hemmetaraplaýyn özgertmeleriniň netijesinde ýüpekçilik oba hojalyk önümçiliginiň gelejegi uly pudaklarynyň birine öwrüldi. Onuň ot-iým bazasy ýyl-ýyldan giňeýär. Häzir welaýatyň tut meýdanlary 2000 gektardan-da köp ýeri tutýar. Şu ýyl bolsa ony ýene-de takmynan dört esse giňeltmek göz öňünde tutulýar. Oba hojalyk ekinlerini tüweleýden, şemaldan goramak, gurakçylygyň zyýanyny aňrybaş peseltmek, ýerasty suwlaryň derejesini aşak düşürmek we beýleki birnäçe peýdaly taraplary tut agajynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň