Soňky habarlar

Arhiw

Bäş ýyllap kuwwatyny ýitirmän işleýän batareýa döredildi

18:3805.05.2021
0
1772

Kuwwat (zarýad) berilýän döwrebap batareýalar ulanylyşyň ilkinji ýylynda kuwwatynyň 20 göterimini ýitirýär. Şeýle-de bolsa, Ýaponiýanyň Ylym we Tehnologiýa institutynyň alymlary batareýalaryň azyndan 5 ýyl kuwwatynyň 95 göterimini saklap bilýän görnüşini oýlap tapdylar.

Döwrebap batareýalar, baglaýjy materialyň häsiýetleri sebäpli 500 gezek kuwwat (zarýad) alandan soň, kuwwatynyň 40 göterimine çenli ýitirip bilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýapon alymlary "Bis-imino-acenaphthenequinone-Paraphenylene (BP)" atly baglaýjy materialy oýlap tapdylar. Bu baglaýjy materialyň mümkinçiligi häzirki ulanylýan baglaýjy materiallaryň mümkinçiliginden birnäçe esse ýokarydyr. "Bis-imino-acenaphthenequinone-Paraphenylene (BP)" atly baglaýjy materil 1700 gezek kuwwat (zarýad) berleninden soň hem batareýanyň kuwwatynyň 95 göterimini saklamaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň