Soňky habarlar

Arhiw

«Akylly Tilsimat» hukukçylary işewür duşuşyga çagyrýar

16:5805.05.2021
0
1461

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen bildiriş arkaly «Akylly Tilsimat» hojalyk jemgyýeti hukuk çygrynda iş alyp barýan hünärmenleri işewür agşamlyk nahary görnüşde 21-nji maýda geçiriljek halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine bagyşlanan çärä çagyrdy.

Çäräniň barşynda oňa gatnaşyjylar diňe bir peýdaly maglumaty alman, eýsem öz tejribelerini paýlaşarlar.

«Akylly Tilsimat» HJ 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän giň gerimli IT kärhana bolup, özüniň müşderilerine işewürligi alyp barmagy optimizasiýalaşdyrmak, şol sanda Bitriks 24, CRM, CRM Marketing gurallaryny ulanyp optimizasiýalaşdyrmak boýunça hyzmatlar toplumyny, şeýle-de web-saýtlary döretmek hyzmatlaryny hödürleýär.

«Akylly Tilsimat» HJ dünýäniň dürli ýurtlarynda kompýuter tehnologiýalaryny üstünlikli ornaşdyrýan «Dell» kompaniýasynyň Türkmenistandaky Gold hyzmatdaşydyr. «Akylly Tilsimat» HJ – «Dr.Web» kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji we ýeke-täk resmi üpjünçisidir, şeýle hem «Schneider electric» kompaniýasynyň resmi distribýuteridir we radioaragatnaşyk ulgamynda «Motorola Solutions» kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan hyzmatdaşydyr.

Çärä gatnaşmaga degişli soraglar bilen, şeýle hem işewürligi optimizasiýalaşdyrmak boýunça hyzmatlaryň berilmegi babatda şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365102284.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň