Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň we Awstriýanyň senagatçylar federasiýasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

16:5205.05.2021
0
1095

4-nji maýda, sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary, Awstriýanyň senagatçylar Federasiýasynyň başlygy Georg Knell bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Wenadaky TSTB-niň söwda wekilhanasynyň başlygy hem gatnaşdy. Bu barada birleşmäniň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda senagat, önümçilik, bank işi, infrastruktura, pudakara we bank hyzmatlary ýaly, ykdysadyýetiň pudaklaryna wekilçilik edýän 4500-den gowrak kompaniýalary bolan Awstriýanyň senagatçylar Federasiýasy barada degişli maglumatlar berildi. Awstriýa kompaniýalary dürli ugurlarda, şol sanda senagat, gurluşyk, maýa goýumlary we ş.m. türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Awstriýa Federasiýasynyň agzalary Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini we pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaý çözülenden soň, degişli ýokary derejeli wekiller bilen duşuşmak we bilelikdäki taslamalaryň anyk jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana baryp görmek isleýändiklerini aýtdy.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde awstriýaly kärdeşlerine ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş tendensiýalary, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň ösmegine kömek edýän maýa goýum ýagdaýy barada maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň