Soňky habarlar

Arhiw

"Mançester Siti" "PSŽ-ni" ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

12:5505.05.2021
0
4570

Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşygynda "Mançester Siti" "Pari Sen-Žermen" bilen duşuşdy. Duşuşyk Mançesteriň "Etihad" stadionynda geçip, iňlis toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

Ýer eýelerinden alžirli hüjümçi Riýad Marez dubl etdi (11-nji we 63-nji minut).

Bu klublaryň arasyndaky ilkinji oýun hem “mançesterlileriň” 1:2 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, “Mançester Siti” taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

Olaryň bäsdeşi şu gije Londonyň "Çelsisi" bilen Madridiň "Realynyň" arasyndaky oýunda kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň