Arhiw

«Aşgabat bahary» kinofestiwalyna gelen işleri gözden geçirmek başlady

12:0305.05.2021
0
419
«Aşgabat bahary» kinofestiwalyna gelen işleri gözden geçirmek başlady

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Aşgabat bahary» ady bilen yglan edilen gysga metražly filmleriň festiwalyna eýýäm işleriň köp sanlysy hödürlenildi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik gözden geçirişligi ilkinji gezek guralýar. Oňa «festiwal» diýilse-de, hakykatdan ol ýaş ssenariçileriň, aktýorlaryň we kinooperatorlaryň özara bäsleşigidir. Şonuň üçin-de biziň kino sungatynyň esasyny düzýän hünärleri agzap geçmegimiz tötänden däldir.

Çünki Birleşigiň ýolbaşçylygy zehinli dramaturglary, operatorlary, reissýorlary we aktýorlary ýüze çykarmagy bu sungat baýramynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde öňde goýýarlar. Bäsleşige, mümkin boldugyça, köp adam çekmek ugrunda kinofestiwal hakdaky maglumatlar, habarlar köpçülige ýetirilýär.

Gysga metražly çeper film žanrynda ýeňijiler üçin dürli baýraklar we sylaglar göz öňünde tutulandyr. Bäsdeşlige hödürlenýän işler HD (MP4, MHF) formatda bolmalydyr.

Häzirki günlerde ýurduň dürli künjeginden kinobirleşigiň adyna gelip gowşan onlarça gysga metražly eserler gözden geçirilýär. Olara baha bermek we bäsdeşlige hödürlemek üçin kino sungatynyň abraýly işgärlerinden ybarat ýörite topar döredildi. Kino işlerine şu ugurlar boýunça baha beriljekdir: iň gowy kinorežissýor, iň gowy ssenariçi, iň gowy kinooperator, aýal we erkek keşplerini iň gowy ýerine ýetiriji.

«Aşgabat bahary» bäsleşiginiň netijeleri 22-nji maýda jemlener. Bir günden soň bolsa «Aşgabat» kinoteatrynda ýeňijilere ýadygärlik baýraklary we sylaglar gowşurylar. Iň gowy film ýörite baýrak bilen bellener. Guramaçylar «syr» saklamak bilen, festiwal heýkeljiginiň nähili boljakdygyny hakdaky maglumaty öňünden aýtman gizlin saklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň