Eýranyň tennis ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşa taýýarlanyp başlady

10:5105.05.2021
0
4215

Eýran Yslam Respublikasynyň Tennis federasiýasy Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň Dewis Kubogynyň saýlama bäsleşigine gatnaşmagyň çäginde milli toparyň düzülmegine girişilendigi we ilkinji ýygnanyşyga başlandygy barada habar berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» ýazýar.

Eýran Yslam respublikasynyň Tennis federasiýasynyň internet portalynyň habar bermegine görä, maý aýynda Tähranda erkek tennisçileriň arasynda ilkinji seçip alma ýaryşlar geçiriler. Türgenleriň iň ökdeleri ýygyndy toparyň düzümine giriziler.

Eýranyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisine Äkbär Taheri, türgenleşdirijiniň wezipesine bolsa Färşad Tälawär bellendi.

Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň Dewis Kubogynyň saýlama bäsleşikleriniň 2021-nji ýylyň 6 – 12 sentýabrynda Aşgabatda geçjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň