Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Miwe” APJ-niň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy

23:5704.05.2021
0
10974

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Bu ýerde milletiň Lideri “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji beketleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrliginden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan, her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.

Ondan soňra suw bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda 61 metr beýiklikdäki 2-nji suw göteriji bekedine, ondan hem 10 kilometr uzaklykdaky 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekedine, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki, göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideogörnüşler hem hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýeti miwe we beýleki gök önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar. “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş orny döredildi.

Soňra milletiň Lideriniň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň ýerleşişiniň Baş meýilnamasy hem-de suw hojalyk ulgamyna degişli taslamalar hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni oba hojalyk önümçiligi bilen baglanyşykly suw hojalyk meselelerine çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň