Türkmenistanyň DIM-inde Ukrainanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

19:0804.05.2021
0
5873

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri we öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu nukdaýnazardan, giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iş ýüzündäki hereketleriň ençemesi babatynda pikir alyşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň