Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň iň baý adamy mälim edildi

17:4304.05.2021
0
2145

Russiýanyň iň baý adamlarynyň sanawy (reýtingi) yglan edildi. Russiýanyň iň baý adamy hökmünde "Norilsk Nikel" atly magdan we metallurgiýa kompaniýasynyň başlygy Wladimir Potanin görkezildi.

Wladimir Potaniniň baýlygy 32 milliard dollar diýlip çaklanylýar we onuň 2021-nji ýylyň başyndan bäri 622 million dollar sarp edip, 2 milliard dollardan gowrak hem girdeji gazandygy barada aýdylýar.

Sanawda ikinji ýeri 28,4 milliard dollar baýlygy bilen “Nowolipesk” metallurgiýa zawodynyň başlygy Wladimir Lisin eýeledi.

Sanawdaky ýeke-täk aýal “Wildberries” onlaýn dükanynyň düýbüni tutujy we baş direktory Tatýana Bakalçuk boldy. Ol ýylyň başyndan bäri 443 million dollar girdeji gazanyp, baýlygyny 9,53 milliard dollara ýetirdi.

Ondan öň ýurduň iň baý adamy 29,1 milliard dollar baýlygy bolan “Sewerstal” direktorlar geňeşiniň başlygy Alekseý Mordaşowdy. Ol ýurduň baý adamlarynyň bu gezekki sanawynda üçünji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň