Türkmenistanyň şypahanalaryna ýerleşmegiň wagtlaýyn tertibi kesgitlenildi

16:2304.05.2021
0
15320

Türkmenistanda şypahanalarda dynç almagyň we bejergini guramagyň wagtlaýyn tertibi tassyklandy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden berilýän habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlary şypahanalarda bejergi almak üçin şahsyýetini tassyklaýan pasporty, raýatlaryň ýaşaýan ýerinde saglyk öýleri tarapyndan berlen şypahana kartoçkasy bolmaly. Şeýle hem şypahana barlanda COVID-19 barlagyndan geçilendigi baradaky kepilnama soralar.

Düýn sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidentine häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, şypahanalaryň belli bir tertibe görä müşderileri kabul etmäge taýýardygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň