Magtymguly adyndaky TDU-da "Açyk gapylar" günlerini geçirer

09:4104.05.2021
0
8139

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýänleri 2021-nji ýylyň 7-nji we 15-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, sport klubunyňişi, talyplaryňýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-67-30, 94-67-05.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň