Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pandemiýa döwründe Awazada dynç almagyň tertibi kesgitlenildi

23:5503.05.2021
0
23719

Şu gün ― 3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesow häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Çagalar üçin merkezler we şypahanalar tomusky möwsüme taýýar

Bu ugurda ýörite topar döredilip, onuň agzalarynyň gatnaşmagynda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, sagaldyş meýdançalarynda taýýarlyk işleri amala aşyryldy.

Şeýle hem ministr ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalaryň hemmesinde adamlaryň saglygyny berkitmek, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görlendigini belläp, şypahanalaryň möwsüme taýýarlanandygyny habar berdi.

Awaza gitjeklere sanjym ediler

Ministr hasabatynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesi barada aýdyp, deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýollanma hatlarynyň berilýändigini habar berdi.

Raýatlar ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen saglyk öýlerinde olara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler. Şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik ediler hem-de dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama berler.

Dynç alşa gitmek üçin raýatlara sanjym ediler, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda СOVID-19-yň test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama berler.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän Dolandyryş merkezi tarapyndan myhmanhanada bolýan adamlaryň sanawy we hasabaty degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna her gün iberiler.

Işgärler hem lukman gözegçiliginden geçiriler

Dynç alyş zolagynda hyzmat edýän desgalara kabul edilýän işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler, şol sanda olardan СOVID-19 barlagyndan geçendigi baradaky kepilnamasy we koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resminamasy talap ediler. Şeýle hem hyzmat edýän işgärler her 15 günden çalşyk esasynda işlärler we her çalşykda lukmançylyk barlagyndan geçiriler. Dynç alyş zolagynda ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokady dörediler.

Dynç alşa gitjekler üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar

Şol bir wagtyň özünde deňziň kenarynda dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar. Degişli myhmanhanalaryň awtoulaglary bilen demir ýol, howa we awtomobil menzillerinde bu ýere gelýän raýatlar garşy alnar hem-de olaryň dynç alyş döwri gutaransoň degişli ugurlar boýunça ugradylar.

Wezipeler kesgitlenildi

Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler, Daşary işler, Energetika, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Balkan welaýat we Awaza etrap häkimlikleriniň zolagy dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirmeli wezipeleridir borçlary kesgitlenildi.

Bu ýerde degişli işleri ýola goýmagyň çäklerinde öňüni alyş çärelerini Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütler berjaý ediler diýip, ministr sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklary

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde hökmany sanjymyň geçirilmelidigini we dynç alyş ýerlerine baran çagalaryň saglyk derejesini görkezýän güwänamalaryň berilmelidigini belledi. Umuman, çagalaryň möwsümi şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň şypahanalarynyň möwsüme taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu ýere gelýän adamlaryň degişli lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, milletiň Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, deňziň kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, şol birwagtyň özünde adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak we myhmanhanalaryň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belledi.

Şeýle hem adamlaryň dynç alýan, suwa düşýän we gezelenç edýän ýerlerinde lukmançylyk ulgamyna degişli ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, dynç alýanlaryň iýmitlenmegi, gezelenç etmegi, sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Metbugatda düşündiriler

Döwlet Baştutany şu günden başlap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu ugra degişli wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hünärmenler we lukmanlar metbugat serişdelerinde, teleradioýalymlarda çykyş edip, häzirki pandemiýa ýokanjy zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak, bu ugurda zerur çäreleri görmek boýunça giňişleýin maglumatlar bermelidirler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň ýakyndaky mejlisine gatnaşar

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň ýakynda geçiriljek mejlisleriniň birine özüniň hem gatnaşjakdygyny, onda tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu babatda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňlejekdigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň