Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

23:5003.05.2021
0
15033

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.

Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanýar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bio hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlar, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologik goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata gatnaşyjylar göni ýaýlymda sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berer.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler.

Çykyş edenler bilim ulgamy barada aýtmak bilen, Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýetini nygtadylar, onuň wezipesi sanly bilim konsepsiýasynyň meselelerini ilerletmekden ybaratdyr. Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek, bilim hem-de terbiýeçilik işine öňdebaryjy ylmy usullary, tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän netijeli çäreler hökmünde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” orny bellenildi. Hususan-da, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de ugurdaş edaralaryň resmi web-saýtlaryny döretmek barada gürrüň edildi.

Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy açyşlaryny önümçilikde peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady taýdan düşewüntli, ýerli çig mal esasynda işleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply senagat önümçiliklerinde maksatnamalaýyn ylmy barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy alyşmalary işjeňleşdirmegiň, beýleki döwletleriň ylmy edaralary, uniwersitetleri hem-de iri bilim merkezleri bilen innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýän ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Bularyň ählisi Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda ylmy diplomatiýanyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, maslahatyň umumy mejlisiniň barşynda bellenildi.

Ertir Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet — ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde dowam eder. Bölümleriň mejlisleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň