Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany Patyşalygy 17-nji maýdan başlap serhetlerini açýar

18:1603.05.2021
0
4867

Saud Arabystany Patyşalygy şu ýylyň 17-nji maýyndan başlap serhetlerini açmaklyk we raýatlarynyň beýleki ýurtlara gitmegine rugsat bermeklik kararyna geldi. Bu barada Saud Arabystany Patyşalygynyň Içeri işler ministrliginiň twitter sahypasynda ýekşenbe güni - 2-nji maýda habar berildi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Içeri işler ministrliginiň twitter sahypasynda: "2021-nji ýylyň 17-nji maýynda ýerli wagt bilen sagat 01:00-dan raýatlar üçin syýahat çäklendirmeleri ýatyrylar hem-de beýleki ýurtlara suw, gury ýer we howa gatnawlary açylar. Bu çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bilen, Saud Arabystany Patyşalygynyň koronawirus sanjymynyň 2 dozasyny alan raýatlary şobada, sanjymyň bir dozasyny alan raýatlary bolsa sanjym edilenden 14 günden soňra daşary ýurda gidip bilerler. Daşary ýurtly raýatlar bolsa Saud Arabystany Patyşalygyna geleninden soň, 14 günlük hökmany karantini geçmeli bolarlar." -diýlip beýan edildi.

Saud Arabystany Patyşalygynda ozal alnan karara görä, sanjymlaryň gijä galyp gelmegi sebäpli daşary ýurda gitmek çäklendirmesiniň möhleti şu ýylyň 31-nji martyndan 17-nji maýyna çenli uzadylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň