Arhiw

Allaýar Şirliýew 31 küştçi bilen ýaryşdy

12:3703.05.2021
0
4928
Allaýar Şirliýew 31 küştçi bilen ýaryşdy

ORIENT-iň ýazmagyna görä, 17 ýaşly küştçi Allaýar Şirliýew bir wagtda 31 küştçi bilen ýaryşyp, nobatdaky synagdan üstünlikli geçdi.

Aşgabatdaky «Sýuýt» sport desgasynda geçirilen ýaryş 13 sagat 10 minutlap dowam etdi.

Allaýar 31 duşuşygyň 17-sinde ýeňiş gazanyp, 13-sinde deňme-deň oýnady we diňe birinde utuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň