Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun «Zenit» bilen üçünji gezek Russiýanyň çempiony boldy

23:4502.05.2021
0
5391

Eýranly türkmen, Russiýanyň «Zenidiniň» hüjümçisi Serdar Azmun topary bilen bilelikde Russiýanyň çempiony boldy. Sankt-Peterburg şäheriniň topary çempionatyň 28-nji tapgyrynyň çäginde şu gün «Lokomotiwi» 6:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyk gutaran dessine Sankt-Peterburg şäheriniň toparynyň futbolçylary ýörite münberde çempionlyk köýnekçelerini geýdiler. Çempionlyk kubogyny toparyň kapitany Artýom Dzýuba kabul etdi.

Şeýlelikde, eýranly türkmen üç gezek Russiýanyň çempiony boldy. Mundan öň ol 2018/2019-njy we 2019/2020-nji ýyllaryň möwsüminde hem «Zenit» bilen Premýer-liganyň çempiony bolupdy.

Ýeri gelende aýtsak, Serdar Azmun «Zenide» 2019-njy ýylyň gyşynda goşuldy. Mundan ozal ol «Rostowda» we «Rubinde» çykyş edipdi. Onuň şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanar.

26 ýaşly futbolçy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwe birleşiginiň we Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti jemgyýetiniň agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň