Soňky habarlar

Arhiw

Portugaliýada dünýäniň iň uzyn asma pyýada köprüsi açyldy

22:4601.05.2021
0
7644

Dünýäniň iň uzyn pyýada asma köprüsi Portugaliýada açyldy. Bu barada "France24" web sahypasy habar berdi.

Portugaliýada täze gurlan dünýäniň iň uzyn pyýada asma köprüsiniň uzynlygy 516 metr bolup, gurluşyk işleri takmynan iki ýyl dowam edipdir. Bu köpri Portugaliýanyň demirgazygyndaky Paýwa derýasynyň 175 metr belentliginde ýerleşýär.

Portugaliýadaky dünýäniň iň uzyn pyýada asma köprüsiniň gurluşygyna çykan çykdajy 2,3 million ýewro diýlip çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň