Halkbankyň «Gyrat» pul geçirimler hyzmaty ilatyň uly islegine eýe bolýar

17:3229.04.2021
0
22154

«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ilata ýurduň içinde nagt pul geçirimlerini amala aşyrmak üçin niýetlenilen «Gyrat» hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat bankyň merkezi edarasynda we islendik şahamçalarynda ýola goýlandyr. Şonuň üçin-de pul geçirimleri ýurduň «Halkbank» bankynyň şahamçasynyň ýa-da bölüminiň hereket edýän islendik künjeginden ugradylyp bilner.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin pul geçirimini ugradyjynyň şahsy pasporty, puly kabul edijiniň pasportynyň nusgasy we geçirilmegi islenilýän pul serişdesi talap edilýär. Ähli resminamalar taýýarlanylandan soň, pul geçirimi tiz wagtyň içinde puly kabul etmeli raýata elýetirli bolar.

Pul geçirimini kabul etmeli raýatyň ýedi günüň dowamynda bank bölümine ýa-da şahamçasyna ýüz tutmadyk ýagdaýynda pul serişdeleri geçirimi ugradan müşderä yzyna gaýtarylar. Şeýle ýagdaýyň dörän halatynda bankyň işgärleri tarapyndan pul geçirimini ugradan raýata telefon arkaly habar berler.

«Gyrat» pul geçirimleri barada goşmaça maglumat almak üçin bankyň resmi saýtyna geçiň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň