Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

23:2228.04.2021
0
9477

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda türkmen-türk dostlukly gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary ýurtlaryň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, geljekde hem ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde uly üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň