Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Modalar öýleriniň arasynda bäsleşik geçiriler

13:1127.04.2021
0
16234
Aşgabatda Modalar öýleriniň arasynda bäsleşik geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly dizaýn bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabadyň modalar öýleri çagyryldy.

28-nji aprel güni sagat 10-da başlajak bäsleşige aşakdaky modalar öýleri gatnaşar:

― «Mähirli zenan»;

― Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýi;

― «Nurland».

Bäsleşik esasy 3 ugur (nominasiýa) boýunça geçirilýär:

  • «Baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),
  • «Sport egin-eşikleriniň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),
  • «Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin).

Ýeňijiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şahadatnamasy we sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Gözden geçiriliş «Bitarap Türkmenistan» şaýolunyň ugrundaky Modalar öýünde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň