Soňky habarlar

Arhiw

Serhetçi esger R.Myradow «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglandy we ol ilkinji nobatda harby gullukdan boşadylar

22:3826.04.2021
0
8641

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi – bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradow «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanyldy, Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ony gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý edendigini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, ilkinji nobatda dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatmak tabşyryldy.

«Türkmenporatl-yň» ozal habar berşi ýaly, 25-nji aprelde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze açylan binalar toplumynda ilkinji gezek “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň netijesine görä, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň