Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

21:2726.04.2021
0
8718

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda

häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan, şol sanda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde abadançylyk, arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler;

şu ýyl bellenilýän şanly seneleriň hormatyna tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depgini;

paýtagtymyzda “Daşkent” seýilgähini gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň barşy;

sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy

ýaly meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň