Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistandan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy

12:4022.04.2021
0
20777

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenabatdan Moskwa şäherine ýene bir ýörite uçuşy gurady.

Ilçihanasynyň resmi web saýtyna görä, şu gün 169 ýolagçy «Sibir» awikompaniýasynyň S78536 belgili gatnawy bilen Moskwanyň «Domodedowo» howa menziline uçdy. Menziliň onlaýn rejenamasyna görä, «Boeing 737-800» uçary ir sagat 08:54-de Moskwa gondy.

Bu pandemiýa başlaly bäri Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan 11-nji uçuşdyr.

«Domodedowo» halkara howa menziliniň resmi web sahypasyna görä S7 awiakompaniýasynyň Türkmenabat ― Moskwa aralygyndaky indiki ýörite uçuşy 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň