Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt raýatlarynyň ikisine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýlen hormatly at dakyldy

23:5221.04.2021
0
5359

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamdow «Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Akhal-tehas» ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa we Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýlen hormatly at dakyldy.

Resminamada daşary ýurt raýatlarynyň atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlary, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary we gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlyklary göz öňünde tutulyp, şeýle karara gelnendigi nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň