Soňky habarlar

Arhiw

«Bellator» 9 türgen bilen hoşlaşdy

23:1021.04.2021
0
15025

MMAJunkie tarapyndan berlen habara görä. Amerikanyň «Bellator» guramasynyň ýolbaşçylary dokuz türgen bilen hyzmatdaşlygy ýatyrdylar.

Olar irlandiýaly Frans Mlambo, Pol Redmond, Raýan Redmond, Raýan Roddi, Riçi Smallen, amerikaly Rojer Uerta, Brendon Uerta, Brendon Girs, angliýaly Kel Ellenor, kanadaly Gabriel Warga we awstraliýaly Arbi Mewjidowdyr.

Ýeri gelende aýtsak, «Bellator» 2021-nji ýylda üç ýaryş geçirer. Indiki ýaryş 7-nji maýda bolar.

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň hem bu guramanyň agzasydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň