Aşgabatda çagalaryň arasynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

21:3421.04.2021
0
3191
Aşgabatda çagalaryň arasynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

«Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda çagalaryň arasynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşigi geçirildi.

Oňa Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgüniň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Bu bäsleşik çagalaryň surat çekmeklik başarnygyny kämilleşdirmekde hem-de döredijilik işlerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň