Soňky habarlar

Arhiw

Niderland Patyşalygynda 28-nji aprelden başlap, COVID-19 çäklendirmeleriniň birnäçesi ýeňilleşdiriler

17:1621.04.2021
0
652

Niderland Patyşalygy şu ýylyň 28-nji aprelinden başlap, koronawirus pandemiýasy zerarly ýola goýlan çäklendirmeleriň birnäçesini ýeňilleşdirmekligi meýilleşdirýär. Bu barada «TASS» Niderland Patyşalygynyň ýerli metbugatynyň beren maglumatlaryna salgylanyp: «Niderland Patyşalygynda şu ýylyň 28-nji aprelinden başlap, dükanlar, bazarlar we medeni dynç alyş merkezleri açylar. Ýöne, bulara diňe sagat 12:00 — 18:00 aralygynda halka hyzmat etmäge mümkinçilik dörediler.» - diýip habar berdi.

Ýöne, Niderland Patyşalygy ýurt boýunça konsertler, çykyşlar we futbol oýunlary ýaly köpçülikleýin çärelerine pandemiýa zerarly girizen käbir çäklendirmelerini dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň