Soňky habarlar

Arhiw

AFK futzal boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylary kesgitledi

11:0321.04.2021
0
1382

Futzal boýunça Aziýa çempionaty ilkibaşda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilip, soňra Kuweýte geçirilen hem bolsa, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan koronowirus pandemiýasy sebäpli bütinleý ýatyryldy. Şonuň üçin hem AFK şu ýylyň 12-nji sentýabry ― 3-nji oktýabry aralygynda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylary başga bir tertibe görä saýalamaly boldy.

Konfederasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, Eýranyň, Ýaponiýanyň we Özbegistanyň futzal boýunça milli ýygyndylary dünýä çempionatyna gönüden-göni gatnaşmaga hukuk gazanan toparlar boldy.

Galan iki ornuň eýesi bolsa Liwanyň, Yragyň, Taýlandyň we Wýetnamyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek saýlama duşuşyklaryndan soňra belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň