"Muhammet-Balkan" HJ dört welaýatda şäherara awtoulag terminallarynyň gurluşygyny dowam etdirýär

10:4321.04.2021
0
8804

Türkmenabat şäherinde gurulýan awtomenziliň gurluşygynda tehniki bloklaryny gurnamak işleriniň 80 göterimi tamamlandy.

Has takygy, täze menziliň ätiýaçlyk ammarynda, suw ýyladyjy desgasynda, transformatorynda we awtoýuwalgasynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Şu günler gurluşykçylar menziliň esasy binasynyň beton binýadyndaky işleri hem tamamlap barýarlar.

Bu ýolagçy menzilinden Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçesine awtobus gatnawlary amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň