Soňky habarlar

Arhiw

Maksat Meredow agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

20:4120.04.2021
0
5979

Türkmenistany agyr atletikaçy Maksat Meredow Aziýa çempionatynda 73 kilograma çenli agram derejsinde ýaryşyp, kümüş medala mynasyp boldy. Yklym ýaryşy Daşkent şäherinde geçirilýär.

Biziň ildeşimiz ştangany galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 336 kilogramlyk netije görkezdi. Şunda onuň silterläp galdyrmakda 147, itekläp galdyrmakda 189 kilogram netije görkezendigini aýtmak gerek.

Şu agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna hytaýly agyr atletikaçy Şi Çžiýun çykdy. Ol iki görnüşiň netijesi boýunça 363 kilogramlyk agramy eýgerdi. Üçünji orny bolsa ýaponiýaly Masanori Miýamoto eýeledi (335 kilogram).

Yklym çempionatynda gazanylan netijäniň türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan hukugyna hem täsirini ýetirýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň