Soňky habarlar

Arhiw

Farap etrabynyň çägindäki Türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezi ulanylmaga bermäge taýýar

19:2120.04.2021
0
11764

Farap etrabynyň çägindäki Türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkeziniň gurluşygy doly tamamlanyp, onuň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga bermäge taýýar edildi. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.

Gurluşygy «Bary» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlan merkeziň binalary 1 gektar meýdanda ýerleşýär. Ol türkmen alabaýlarynyň 70-sine niýetlenendir.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy boýunça alnyp barlan gurluşyga ýerli hünärmenleriň 210-dan gowragy gatnaşdy. Gurluşyk işlerinde kuwwatly tehnikalaryň 10-a golaýyndan peýdalanyldy. Merkez şu aýyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň