Ysraýylda köçelerde agyz-burun örtügini dakmazlyga rugsat berildi

18:0120.04.2021
0
564
Ysraýylda köçelerde agyz-burun örtügini dakmazlyga rugsat berildi

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda koronawirus keseliniň azalmagy sebäpli köçelerde gorag agyz-burun örtügini geýmek borjuny ýatyrdy. Bu barada Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «TASS» habar berdi.

Habarda: «Koronawirus keseliniň ýaýramagy tutuş ýurt boýunça pes derejede bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem, ilatdan edilýän, açyk howada agyz-burun örtügini geýmek talaby ýatyryldy.» - diýlip beýan edilýär.

Şol bir wagtyň özünde, Saglygy goraýyş ministrligi köp adamly ýerlerde agyz-burun örtügini geýmegi maslahat berýär. Binanyň içinde agyz-burun örtügini geýmek hökmanylygyna galýar.

Geçen ýylyň 20-nji dekabrynda Ysraýylda koronawirus ýokanç keseline garşy köpçülikleýin sanjym çäresine başlandy.

Şu ýylyň 18-nji aprelindäki maglumatlara görä, Ysraýylda Pfizer sanjymynyň birinji dozasy 5350327 adama, ikinji dozasy bolsa, 4977399 adama sanjym edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň