Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Çehiýa söwda dolanyşygyny 10 million dollara ýetirmekçi

16:5720.04.2021
0
21169

Çehiýa Respublikasy 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen özara söwda dolanyşygynyň möçberini 10 million ABŞ dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Çehiýa eksporty 192 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Eksport edilen harytlaryň içine dokma ýüplügi (40,7%) we taýýar dokma önümleri (31%) girýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Çehiýadan umumy möçberi 8,5 million ABŞ dollaryna deň bolan harytlary import etdi. Çehiýanyň eksportynyň esasyny lukmançylyk gurallary (11,9%), dürli görnüşli içgiler (10,8%) we ölçeg enjamlary (6.2%) ýaly önümler düzdi.

Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde 2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda onlaýn görnüşinde geçirilen geňeşmeleriň barşynda taraplar Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Biznes-Türkmenistan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň