Soňky habarlar

Arhiw

Siriýada Prezident saýlawy şu ýylyň 26-njy maýynda geçiriler

10:3919.04.2021
0
562

Siriýanyň parlamenti ýurtda Prezident saýlawynyň şu ýylyň 26-njy maýynda geçiriljekdigini habar berdi.

Siriýanyň parlamenti şu ýylyň 26-njy maýynda ýurtda Prezident saýlawyny geçirmek kararyna geldi.

Siriýada Prezident saýlawyna gatnaşmak isleýänler öz dalaşgärligini ertirden başlap yglan edip bilerler.

Siriýanyň parlamentiniň metbugat sekretary Hammude Sabah Siriýanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň şu ýylyň 20-nji maýynda Siriýanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda ses berip, öz Watanynyň Prezident saýlawyna gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Siriýanyň häzirki lideri Beşar Esad 2014-nji ýylyň 16-njy iýulynda döwlet baştutany wezipesine geldi.

Siriýanyň 2012-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýasyna laýyklykda, Beşar Esada ýurduň Prezident saýlawynda ýedi ýyllyk täze möhlete dalaşgär bolmaklyk mümkinçiligi berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň