Soňky habarlar

Arhiw

Jozef Baýden: «ABŞ-nyň şu ýyl kabul etjek bosgunlarynyň sanyny artdyrarys»

10:2619.04.2021
0
993

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden jemgyýetçilik tankytlaryndan soň, anna güni 2021-nji ýylda kabul ediljek bosgunlaryň sanyny ozal meýilleşdirilen sanyndan - 15 müňden artdyrjakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden dynç alyş günlerini geçiren Delawer ştatynda ýurda kabul ediljek bosgunlaryň sany barada metbugata beýan berdi.

Baýden, şu ýyl kabul etjek bosgunlarynyň sanyna ünsi çekip: «Bu sany artdyrarys. Mesele günorta serhetdäki ýaşlar bilen baglanyşykly batymyň (krizisiň) dowam etmegidi. Iki zady birbada edip bilmedik, indi bu sany artdyrarys.» - diýip belledi.

Jozef Baýden «Ak tam» köňgünde anna güni eden çykyşynda bolsa, ozalky Prezident Donald Trampyň 2021-nji maliýe ýylynda kesgitlän we «taryhdaky iň pes san» hökmünde hasaba alnan 15 müň bosgun kabul ediş çäginiň saklanjakdygyny mälim etdi we bu karar halk köpçüliginde we Kongresiň käbir agzalarynda seslenme döretdi.

«Ak tam» köşgüniň metbugat sekretary Jen Psaki bu mesele bilen baglanyşykly beren beýanynda, ABŞ-a kabul ediljek bosgunlaryň anyk sanynyň Baýden tarapyndan şu ýylyň 15-nji maýynda kesgitlenjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň