Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýyl döwleti sanjym edilen syýahatçylary 23-nji maýdan kabul edip başlar

16:3818.04.2021
0
992

Ysraýyl döwleti «COVID-19» ýokanç keseli zerarly agyr zarba çeken syýahatçylyk pudagyny 1 ýyldan soň, täzeden açmaga taýýarlanýar.

Ysraýyl döwletiniň Syýahatçylyk ministrligi bilen Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan syýahatçylyk pudagyny açmaklyk bilen baglanyşykly taýýarlanan taslama laýyklykda, Ysraýyl şu ýylyň 23-nji maýyndan başlap «COVID-19» sanjymyny alan syýahatçylary kabul edip başlar.

Ysraýyl döwletiniň Syýahatçylyk ministrligi bilen Saglygy goraýyş ministrligi taslamanyň birinji tapgyrynda çäkli mukdarda syýahatçylyk toparynyň ýurda gelip biljekdigini, ikinji tapgyrynda bolsa aýratyn ýolagçylaryň Ysraýyla girmegine rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Taslama laýyklykda, ähli zyýaratçylardan Ysraýyl uçaryna münmezlerinden ozal negatiw netijeli «PCR» barlagynyň kepilnamasyny, paýtagt Tel-Awiwdäki Ben Gurion halkara howa menzilinde bolsa, sanjym edilendiklerini subut edýän antikor barlagynyň kepilnamasyny görkezmekleri talap ediler.

Ysraýylyň Syýahatçylyk ministrligi hem-de Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen beýanda: «Antikor barlagynyň zerurlygyny ýatyrmaklyk üçin, dürli ýurtlar bilen sanjym şahadatnamasy barada ylalaşyk babatda gepleşikler dowam eder.» - diýlip bellenilýär.

Ysraýyl döwletiniň Syýahatçylyk ministri Orit Farkaş-Hakoen öz çykyşynda meýilnamanyň taslamasy bilen ýurduň syýahatçylygynyň gaýtadan dikeldilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol: «Diňe halkara syýahatçylygy üçin howa gatnawlaryny açmaklyk syýahatçylyk pudagyny hakykatdanam janlandyrar.» - diýip belledi.

Ysraýyl döwleti geçen ýylyň mart aýynda «COVID-19» ýokanç keseline garşy göreşiň çäginde serhetlerini ýapmaklyk kararyna gelipdi. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa Hökümet ähli uly ýaşly ilaty sanjym etmäge gönükdirilen köpçülikleýin sanjym çäresine başlady.

Ysraýyl döwletiniň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan neşir edilen iň soňky maglumatlara görä, takmynan 9,3 million ilaty bolan ýurtda 5 milliondan gowrak adamyň sanjym edilendigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň