Germaniýanyň kansleri Angela Merkel «AstraZeneca» sanjymyny aldy

18:0517.04.2021
0
819

Germaniýanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat kätibi Şteffen Zaýbert özüniň şahsy twitter sahypasyna ýazan teswirinde Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň «COVID-19» ýokanç keseline garşy «AstraZeneca» sanjymyny alandygyny beýan etdi.

Zaýbert özüniň şahsy twitter sahypasyna ýazan teswirinde Merkeliň sanjymdan soň, köpçülikleýin sanjym çäresine gatnaşyjylara ýüzlenmeklik bilen: «Şu gün men «AstraZeneca» sanjymyny alanyma örän şatdyryn. Köpçülikleýin sanjym çäresine gatnaşanlaryň hemmesine we sanjym edilenlere sag bolsun aýdasym gelýär. Sanjym — bu pandemiýany ýok etmegiň açarydyr.» - diýip aýdan sözlerini getirdi.

Germaniýanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat kätibi Şteffen Zaýbert özüniň şahsy twitter sahypasyna ýazan teswirine Angela Merkeliň «COVID-19» sanjymyny alandygy baradaky şahadatnamanyň elektron görnüşini hem goşdy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň