Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

23:5816.04.2021
0
4760

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan uly güýçdür. Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk düşünjesi parahatçylyk hem-de ynanyşmak düşünjeleri bilen gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy kökler arkaly baglanyşýar.

Biz döwletimiziň parahatçylyk söýüji däplerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň hem-de umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlarynyň äleme ýaýylmagy üçin uly tagallalary edýäris. Eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagy, mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagy ugrunda çalyşýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýäris.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, biz şu ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdik.

Şu mejlisiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenýän ýylynda geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle hem şu ýyl biz milli baýlygymyz bolan atlarymyzyň we alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde belläp geçýäris.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz mejlisiň dowamynda assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara serederis. Arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekeris.

Assosiasiýanyň ýurdumyzda we beýleki döwletlerde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan agzalarynyň çykyşlaryny diňläris.

Atçylyk assosiasiýasynyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem guramaçylyk meselelerine serederis.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Siziň bilşiňiz ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on bir ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar. Görşüňiz ýaly, geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany artdy.

Hormatly atşynaslar!

Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr, türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Biz eziz Diýarymyzda halkara derejede ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlaryny döretdik. Bu ugurda tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki degişli hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan işleri durmuşa geçirdik we geçirýäris.

Pudagy ylmy esasda ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ylmy edaralary döretmek, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça hem döwletimiz tarapyndan köp möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär.

Her ýylyň aprel aýynda döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleri gözel paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda guramak indi däbe öwrüldi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar hem-de at çapyşyklary, atly sport ýaryşlary ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär. Şeýle hem behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu bolsa ady äleme dolan behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Men pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Ahal we Mary welaýatlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine siziň ähliňizi işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn.

Geljekde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewlerine degişli bolmagy üçin, assosiasiýanyň aýratyn iş alyp barmagynyň zerurdygy barada men: «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserimde belläp geçipdim.

Hormatly atşynaslar!

Biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen I maslahatynda şeýle guramany döretmek bilen, behişdi ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, dünýäde iň naýbaşy bu atlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek üçin berk binýadyň düýbüni tutýandygymyzy belläp geçipdik.

Örän duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük, ynsanyň ýakyn syrdaşy bolan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge ata-babalarymyz aýratyn üns beripdirler. Pederlerimiziň bu ugurda çeken ýadawsyz zähmeti netijesinde döredilen gadymy türkmen seýisçilik sungaty häzirki döwrüň öňdebaryjy usullary bilen utgaşdyrylyp, atşynaslarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Şonuň bilen birlikde, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň konkur, marafon görnüşlerini halkara derejede ösdürmek boýunça hem ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza we atly sporta bolan höwesini artdyrmaga, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegine uly itergi berýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplara laýyklykda guramak hem-de geçirmek üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Aşgabat, Lebap we Mary atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalaryna politrek örtügi düşeldi.

Biz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda hem baýramçylyk at çapyşyklaryny geçireris. Şu maksat bilen Mary atçylyk sport toplumynyň durky döwrebaplaşdyrylyp, döwlet derejesinde baýramçylyk çärelerini geçirmäge taýýar edildi.

Mundan başga-da, biz atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny we atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, onuň konkur görnüşini we at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamaga hem uly üns berýäris. Şu maksat bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap açyk we ýapyk manežler gurlup ulanylmaga berildi.

Şeýle hem atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Atçylyk we atly sport hakynda» Kanun kabul edildi. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmek boýunça bu Kanun häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirilýär.

Hormatly atşynaslar!

Atçylygyň gadymy mekany bolan güneşli ülkämizde atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak häzirki döwürde biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Şoňa görä-de, bu pudagy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek maksady bilen, biz Ahal welaýatynyň täze gurulýan dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini hem-de Ylmy-önümçilik merkezini gurýarys. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem biz türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berýäris. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakýarys.

Biz türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, milli seýisçilik sungatyny ösdürip, bedewleriň syna gözelligini kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş nesillere seýisçilik sungatynyň inçe tälimlerini öwretmek we halypalyk işine aýratyn saldamly goşant goşýan atşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady hem döretdik. Biz geljekde hem öz ykbalyny atçylyk bilen baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bermek işlerini dowam ederis.

Hormatly atşynaslar!

Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr.

Şoňa görä-de, gözelligi haýrana goýýan, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis. Bu däpleri ýaş nesillerimize ýetirmegi hem-de olaryň bedewlere bolan söýgüsini artdyrmakda alyp barýan işlerimizi has-da giňelderis.

Men sizi Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň