Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkiýedäki raýatlarynyň ýene-de bir toparyny ýurda alyp geldi

17:3316.04.2021
0
26105

2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Boeing 737-82K uçary bilen Stambul ― Türkmenabat aralygynda ýörite uçuş guralyp, Türkiýedäki raýatlarymyzyň bir topary ýurdumyza alnyp gelindi.

Bu uçuş Stambuldan T53902 ýörite uçuş belgisi bilen Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyryldy.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň alnyp gelnişini guramak boýunça işlerini dowam etdirýär.

Hökümetiň mundan ozal Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Hindistandan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan we Ýewropa döwletlerinden köp sanly raýatlaryny alyp gelendigini ýatladýarys. Ýer ýüzüni gurşap alan koronowirus pandemiýasy sebäpli, awiakompaniýa häzir halkara gatnawlary bellenen tertip boýunça amala aşyryp bilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň