Türkmenistan Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna 11 türgen bilen gatnaşar

11:2216.04.2021
0
16449

Türkmenistan 16 ― 25-nji aprel aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna 11 türgen bilen gatnaşar. Biziň ýygyndy toparymyzyň sanawy Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda doly görkezildi.

Ýeri gelende aýtsak, yklym çempionatyna 186 agyr atletikaçy gatnaşar.

Çempionatda gazanyljak oňyn netijäniň türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň