Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ylalaşyklaryň dördüsine gol çekildi

11:1616.04.2021
0
4063

Aşgabatda parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ähmiýetine bagyşlanyp geçirilen maslahatdan soňra Türkmenistanyň dürli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary halkara resminamalarynyň dördüsine gol çekişdiler. Olar aşakdakylardyr:

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama;

Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň