Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan stritbol boýunça dünýäniň iň güýçli 50 döwletiniň hatarynda

00:3016.04.2021
0
6613

Türkmenistan 3x3 basketbol (stritbol) boýunça dünýäniň iň güýçli 50 döwletiniň hataryna girmegi başardy. Bu maglumat Halkara Basketbol federasiýasynyň (FIBA) täzelenen reýting sanawynda berilýär.

FIBA bu sanawy göni bir ýyllyk arakesmeden soňra ― 1-nji aprelde täzeledi. Sanawda türgenleriň şahsy başarnyklary bilen bir hatarda milli federasiýalaryň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri hem göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 1-nji aprelinde täzelenen sanawa görä, Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy stritbol boýunça dünýäde 42-nji orny eýeleýär. Şunda biziň ýurdumyzyň federasiýasyna 231094 utuk berlipdir. Birnäçe ugra bölünýän sanawda Türkmenistan iň gowy netijäni «18 ýaşa çenli gyzlar» ugry boýunça gazanyp, ilkinji 10-luga girmegi başardy. Bu bolsa biziň ýetginjek gyzlarymyzyň dünýäniň iň güýçli 10 toparynyň biridigini görkezýär.

Täzelenen sanawyň başyny Russiýa çekýär. Ýeri gelende, 3x3 basketbolyň şu ýyl Tokioda geçiriljek Oýunlar bilen Olimpiýa dünýäsine hem gadam goýjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň